Habarlar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň altynjy mejlisi geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3458/original-162792e35ce510.webp

7-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirildi, onuň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Mejlisiň işine gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çykyşlarynda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça geçirilen seljermeler esasynda gelnen netijeler barada habar berildi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlar bar.

Çykyş edenler bu Kanunlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny bellediler.

Resminamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekde bu hukuk namalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalary milli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreleriň tutuşlygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenmegine gönükdirilendigini nygtadylar. Çykyş edenler adam baradaky aladanyň türkmen jemgyýetinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we onuň daşary syýasy ugrunyň baş ölçegidigini, umumadamzat gymmatlyklarynyň, belent ynsanperwerligiň we adalatlylyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasatynyň özenini düzýändigini aýtdylar.

Bu kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmekde, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda, olary öňünden duýdurmakda, kada-kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda özgertmekde hem-de ugurdaş ulgamlaryň işlerini kämilleşdirmekde, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk mümkinçiliklerini giňeltmekde ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.