Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
Anna güni Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Hökümet mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. “Türkmennebit” döwlet konserni boýunça nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer şu döwürde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 111,4, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 120,6, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 115,8, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 118,6, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 107, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 106,7, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 111,1, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnamanyň 121,9 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyny belledi hem-de wise-premýerden nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany mazudyň, suwuklandyrylan gazyň, polipropileniň we plastmassa turbalarynyň önümçiliginiň kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Mejlisiň dowamynda wise-premýere Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary maýa goýum serişdeleriniň hasabyna özleşdirmegi we TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagy, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça beýleki halkara taslamalaryň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.