Habarlar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3500/original-1627df786d4a90.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň baş binasynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik işi bilen tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Dabara toplumyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, nebitgaz toplumynyň kärdeşler guramasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow dabarany açyp, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri bilen ilkinji gezek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy aprelde geçiren Hökümetiň mejlisinde tanyşdyrandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenendigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi diýip, wise-premýer çykyşynda belledi.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Gahryman Arkadagymyzyň ähmiýetli eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýelän işiniň her bir watançynyň ylhamynyň, belent hem-de asylly maksatlarynyň egsilmez çeşmesine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri aslyýetinde awtoryň öz okyjylary bilen ata Watanymyzyň, buýsançly we şöhratly halkymyzyň gadymy taryhy we ykbaly, garaşsyz bitarap Türkmenistanyň gazananlary barada özboluşly söhbeti bolup durýar diýip Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Ol täze neşiriň kompozision aýratynlyklary barada aýtmak bilen, kitabyň “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybarat bolup, olaryň täze eseriň çuňňur manysyny beýan edýändgini belledi.

Ministriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz täze eserinde aýratyn möhüm netijä gelip, oňa laýyklykda ynsan ölçeginiň türkmen jemgyýetiniň içerki özgertmeleriniň we onuň daşary syýasy ugrunyň esasy ölçegi bolup durýandygyny, hut umumadamzat gymmatlyklarynyň ileri tutulmagy, ynsanperwerligiň we adalatlylygyň belent maksatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýändigini aýratyn nygtaýar.

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Başlygy Guwanç Agajanow öz nobatynda «Ömrümiň manysy» atly kitabyň ýaş nesli terbiýelemek we oňa bilim bermek işinde, onuň watançylyk duýgusyny we ahlak pikirini kemala getirmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynam bildirdi.

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew Gahryman Arkadagymyzyň köpsanly taryhy çeşmeleri we resminamalary, ylmyň we medeniýetiň görnükli wekilleriniň eserlerini öwrenmek bilen döreden işiniň ähmiýetini belledi. Nygtalşy ýaly, kitaba alymlar, taryhçylar, filosoflar we syýasatşynaslar, sungaty we medeniýeti öwrenijiler, mugallymlar we okuwçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar temalarynyň we häsiýetleriniň köpdürlüligi, diliniň baýlygy, arassalygy bilen tapawutlanýan, eserde ulanylan ganatly setirler, nakyllar we atalar sözi, akyldarlaryň we geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň paýhasly sözleriniň metaforikligi bilen tapawutlanýan täze neşiriň ýokary çeperçilik aýratynlyklaryny bellediler. Bularyň hemmesi eseriň gymmatyny we ähmiýetini artdyrýar, ol gürrüňsiz, türkmeniň baý ruhy dünýäsiniň açary bolup hyzmat eder diýip çykyş edenler bellediler.

Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň täze eserinden okalan ajaýyp setirleri uly ruhubelentlik we hoşallyk duýgusy bilen diňlediler.

Bu ýere ýygnananlar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmenistanlylary täze neşiriň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň belli bagşylarynyň we sazandalarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşgünini artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, amala aşyrylýan parahatçylyk we döredijilik syýasaty üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň ata Watanymyzyň kuwwatynyň we rowaçlygynyň has-da artmagy üçin öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Başga habarlar
168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


1683d6e767e160.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.


168353d3db6ef7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy

23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

1682ad504341b5.jpeg
Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16823832b81854.jpeg
Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.