Habarlar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara

https://ussatnews.com/storage/posts/3509/original-1627e6f4c6baa3.jpeg

Hormatly dialoga gatnaşyjylar!

Mähriban zenanlar!

Sizi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça dialogynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we onuň işine üstünlik arzuw edýärin.

Bu wekilçilikli forumyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň öň ýanynda geçirilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklarydyr. Gözbaşyny gadymdan gelýän taryhy köklerden, ruhy-medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk doganlyk halklar bilen gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy kökler, hoşniýetli dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Häzirki döwürde gender deňligi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek işinde, durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň uly mümkinçiligini amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de mümkinçilikleri üpjün etmek meseleleri dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Russiýada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Mähriban zenanlar!

Sebitiň döwletleri Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy resminamalarynyň ýörelgelerine eýerýärler, zenanlar üçin has amatly şertleri döretmäge jogapkärçilikli çemeleşýärler. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirilýän dialogyň gün tertibinde BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, bu babatda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde gazanylan üstünlikleri, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, syýasy, ykdysady we durmuş çygyrlarda wajyp meseleler boýunça çözgütleriň kabul edilmeginde olaryň ornuny ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly dialoga gatnaşyjylar!

Biz maşgala ojagynyň goragçysy hökmünde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde we ýaş nesilleriň kalbyna ornaşdyrmakda, jemgyýetiň durmuşynyň esaslaryny ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda zenanlaryň bitirýän işlerine ýokary baha berýäris. Zenanlar öz ýurtlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — döwletleriň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarynda zähmet çekýärler, daşary syýasy işlere gatnaşýarlar, telekeçilik bilen üstünlikli meşgullanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde tapgyrlaýyn waka öwrüljek bu dialog parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has artdyrylmagyna ýardam berer.

Dialoga gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň we Russiýanyň milli tejribesi bilen tanşyp, gün tertibine girizilen meseleler barada pikir alşarlar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri, teklipleri öňe sürmäge mümkinçilik alarlar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň dostlukly hem-de doganlyk halklaryň arasynda syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Şu ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk edýändigini, bu dialogyň ilkinji gezek «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde geçirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Şeýle hem dialoga Birleşen Milletler Guramasynyň sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün eder. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge däl, eýsem, tutuşlygyna bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täzeden itergi berer.

Hormatly dialoga gatnaşyjylar!

Sizi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size öňüňizde goýan belent hem-de asylly maksatlaryňyza ýetmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.