Habarlar

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/3521/original-1628083eb0f13e.jpeg

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky topar BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň ägirt uly goşandynyň bolandygyny bellemeli. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Hajy Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň dostlukly ýurduň görnükli döwlet Baştutanynyň hatyrasyna guralýan ýas çärelerine gatnaşmaklary, oňa bildirilýän hormatyň nobatdaky beýany bolup durýar.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.