Habarlar

Nebitgaz toplumynyň düzümlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar

https://ussatnews.com/storage/posts/3532/original-162837695b021a.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň anna güni geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi we bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Olaryň iş meýilnamalary tassyklanyldy. Zerur enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.

Içerki sarp edijilere ýerlenilýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde geçirmek, ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak, gaz känleri we gaz guýulary baradaky maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredildi we “Elektron ammar” programmasy gurnaldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň merkezi diwanynda “Netije” atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web saýty gurnaldy, nebitiň derejesine monitoring arkaly gözegçilik etmek maksady bilen, ölçeýji enjamlaryň gurnama-sazlama işleri ýerine ýetirilýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda “GOLDAW” elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we internet web saýty döredildi. Ornaşdyrylan radioelektron enjamlary arkaly buhgalterçilik hasabatlary we beýleki işler sanly görnüşde amala aşyrylýar.

Şeýle hem toplumyň dolandyryş binasy bilen önümhanalarynyň arasynda elektron maglumat dolanyşygy ýola goýlup, ammarlara kabul edilýän, saklanylýan we goýberilýän maddy gymmatlyklaryň hasabyny elektron resminama dolanyşygyna geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.