Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitaby rus dilinde neşir edildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3541/original-162847cdf98463.jpeg

17-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, täze filosofik-edebi eserde Gahryman Arkadagymyzyň ömrüniň ähmiýetli döwürleri baradaky ýatlamalaryň, gymmatly pikirleriň jemlenendigini, şeýle hem ýurdumyzyň taryhyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we asylly däp-dessurlarymyza aýratyn orun berilýändigini belledi.

“Ömrümiň manysy” kitabyň rus diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligi Türkmenistany has-da gowy tanamaga mümkinçilik alar.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyzdaky ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyşynda kitapda diňe bir Türkmenistanyň mirasy hakynda däl, eýsem, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada-da gürrüň berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, täze neşiriň okyjylara Türkmenistanyň halkara giňişligindäki alyp barýan işlerinde haýsy ýörelgelere eýerýändigine, maksatlaryna hem-de wezipelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Arkadagymyzyň filosofiki garaýyşlary ene-ata bolan söýginiň hem-de minnetdarlygyň, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyň üsti bilen açylýar. Bu garaýyşlar köp babatda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşda ahlak ugur görkezijisi boldy.

Täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan pugtalandyrylýan türkmen-rus hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.