Habarlar

Atda ATDAÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý:

https://ussatnews.com/storage/posts/3543/original-1628487d9b95ad.jpeg

— Biz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň çapdan çykanlygy baradaky hoş habary guwanç bilen kabul etdik. Täze eseriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilmeginiň çuň manysy bar, çünki bu döwürde ýurdumyz taryhy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy.

Milli Liderimiziň bu taryhy-filosofik eserinde paýlaşmak islän köp sanly parasatly öwüt-ündewleri we taglymlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli türkmenistanlylar üçin ruhy sütüne öwrüler.

Bu eserde türkmen halkynyň taryhy geçmişi ýurdumyzyň häzirki ösüşi bilen üznüksiz baglydyr. Kitapda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada gürrüň açylýar. Şol üstünlikler ata Watanymyzyň dünýäde uly abraýa eýe bolan kuwwatly döwlete öwrülmegine itergi berdi.

Önümçilige, şol sanda nebitgaz pudagyna ägirt uly maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi Türkmenistanyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetmäge hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp orun eýelemäge çalyşmagy bilen şertlendirilendir. Bu bolsa, ykdysadyýetiň ýokary tehnologik gurluşyndan başga-da, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mynasyp derejesi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyza nebitgaz pudagynyň işgärleriniň adyndan çäksiz hoşallyk bildirmek bilen, berk jan saglygyny, asylly işlerinde we döredijilikde täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.