Güller ORAZOWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni:
— Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza «Ömrümiň manysy» atly kitabyny sowgat etdi, täze eser uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boldy hem-de ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretdi.
«Ömrümiň manysy» atly görnükli eser höwes bilen okalmaga hem-de oýlanmaga mynasyp bolan häzirki zaman edebi-filosofik prozanyň täze sahypasyny açýar. Onuň awtory — hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ruhy kämillik, älem kanunlary ýaly meselelere, her bir adamy beýgeldýän häsiýetlere we düşünjelere aýratyn üns berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserinde däpleriň dowamlylygyna şaýatlyk edýän ahlak pikirler, milli ruhy gymmatlyklar öz beýanyny tapýar.
Täze kitap edebi dili bilen tapawutlanyp, onda folkloryň, ganatly setirleriň ulanylmagy eseriň giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli we gyzykly bolmagyna ýardam edýär.
Mähriban Arkadagymyza göwünleri galkyndyrýan eseri döredenligi üçin köp sagbolsun aýtmak isleýäris. Bu ajaýyp kitabyň dürli ýaşdaky, hünärdäki okyjylarda uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýarys, çünki ol durmuşda eýeleýän ornuň, ýurdumyzyň täze taryhyna goşandyň barada oýlanmaga mejbur edýär.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.