Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, müdimi mukaddesliklerimiz bolan Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän bu mukaddesliklerimiz mynasybetli giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramlar biziň watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr.
Yzygiderli ösüşleriň, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen bedew batly öňe barýan ýurdumyzyň paýtagtynda — dünýäniň ylym we bilim, döredijilik, medeniýet, saglyk, ykdysadyýet, tehnologiýa babatda nusgalyk merkezleriniň birine öwrülýän Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň ýokary derejede geçirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ähmiýetini has-da şöhratlandyrmak bilen, beýik maksatlarymyzyň töweregine mäkäm jebisleşen mähriban halkymyzy täze zähmet hem-de döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Agzybirligimizi has-da pugtalandyrýan, milli döwletlilik ýörelgelerimizi rowaçlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna şöhratly sahypalar hökmünde ýazylýar.
Eziz halkym!
Mundan 30 ýyl ozal milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda aýgytly ädimler ädildi. Adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň binýatlyk ýörelgelerinden ugur alyp, belentde parlaýan ýaşyl tugumyzyň saýasynda eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagyna ýardam berýän giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi. Şu gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň konstitusion gurluşy kämilleşdirilip, jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly hem-de durnukly ösüşini üpjün edýän kanunlar kabul edildi, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy döredildi. Üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler, aýratyn-da, iki palataly täze kanun çykaryjy edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ösen hukuk, syýasy ulgamly döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Eziz watandaşlar!
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan üstünliklerimizden ruhlanyp, biz nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň ýörelgelerini goldanyp, abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli giňeldýäris. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin bu guramanyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanmagy, şeýle-de Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.