Habarlar

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi

https://ussatnews.com/storage/posts/3606/original-1628fd272dfa74.jpeg

Türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi geçirildi. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.

Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şu gezekki sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň dürli tapgyrlaryny hem-de pudaklaryň ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, zähmet çekmek we dynç almak üçin talabalaýyk şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyny, daşary ýurt kompaniýalarynyň milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini açyp görkezýär.

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler. Serginiň mazmuny we maglumat berijilik ugry, ilkinji nobatda, häzirki wagtda Türkmenistanda uly islege eýe bolan hyzmatdaşlyk ulgamlaryna gönükdirilendir. Şolaryň biri daşary ýurtly maýadarlardyr işewürler tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolan, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we çalt depginlerde ösýän gurluşyk pudagydyr.

Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary — «Bouygues Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Ticaret», «Interbudmontaž», «Altkom», “Ýol gurluşygy”, «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.», «Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şol sanda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar boýunça innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

Önüm öndürijileriň aglabasy energiýany tygşytlamagyň, awtomatlaşdyrylan we kompýuter ulgamlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna inženerçilik-kommunikasiýa şäher torlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalara daýanýarlar. Ykjam enjamlary işläp taýýarlamagyň konsepsiýalarynyň zerurlygy artýar. Şoňa görä-de, bu ugur hem sergide öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat we kommunikasiýalar, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ulag-logistika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamy döredildi. Ol iri halkara we sebit derejelerindäki deňiz, awtomobil, demir ýol we howa halkalaryna çykalgasy bolan howa hem-de ýerüsti ýollary birleşdirýär. Bular barada ulag ulgamynyň ministrlikleriniň, onuň kärhanalarynyň diwarlyklary anyk gürrüň berýär.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda gurluşyk senagaty we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bar. Bu ulgamda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Onda gazanylan üstünlikleri bezeg daşlaryny, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armaturany, reňk önümlerini, elektron we beýleki önümleri öndürýän pudagyň iri kärhanalarynyň sergi bölümi görkezýär. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Energetika ministrliginiň sergi bölümlerinde, şekilleri beýan edýän ýörite usullar arkaly, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depgini şöhlelendirilýär. Munuň özi çalt ösýän düzümlerdir hem-de ýurdumyzyň ähli çäklerinden müňlerçe kilometre çekilen elektrik geçiriji ulgamlardyr.

Aşgabat şäher häkimligi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde deňsiz-taýsyz üstünlikleri görkezdi. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şäher seýilgählerini bezeýän dürli görnüşli güllerdir bag nahallary, tutuş ýurdumyz boýunça döredilen tebigy gözellikler sergi bölümine aýratyn öwüşgin berdi. Bu ýerde nahallary ösdürip ýetişdirmek, seýilgählere niýetlenen germewleriň, bezeg serişdeleriniň, mebelleriň we olaryň degişli enjamlarynyň, aşhana enjamlarynyň, durmuşda ulanylýan aýnadan taýýarlanylýan önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň harytlary hem bar.

Häzirki zaman şäheriniň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ýokary tehnologiýalara aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Bu günki gün innowasiýalar hem-de nou-haular paýtagtymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda — inženerçilik-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim, medeni ulgamlara çenli ähli ugurlarda işjeň ulanylýar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Ol nusgawy şahyrlarymyzyň, çagalar üçin çeper edebiýatlaryň, şol sanda terjime eserleriniň neşir edilmegine uly ähmiýet berilýän ýurdumyzda neşirýat we çaphana işini giňden açyp görkezýär. Sergide Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýurdumyzda bolşy ýaly, dürli dillere terjime edilmegi arkaly, daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolan eserleri aýratyn orun eýeledi.

Döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşantlaryny ýyl-ýyldan artdyrýan türkmen işewürliginiň wekilleri halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik pudaklarynda eýeleýän orunlaryny barha berkidýärler. Diýarymyzyň telekeçileri sergide alyp barýan işleriniň ugurlarynyň örän köpdürlüdigini görkezýärler. Hususy gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-Gurluşyk”, “Arassa söwda gurluşyk”, “Zehinli iş”, “Altyn” we beýlekiler bar.

Häzirki sergi Türkmenistanda eýýäm ýakyn wagtda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde döwrebap senagat we elektron önümleri öndüriji bolan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi hemmeleriň ünsüni çekdi. Hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artýar hem-de iki SIM-kartly öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split-sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary (routerleri) hem-de içimlik suwy sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerleri özünde jemleýär.

Açyk sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň “Aýbölek”, “Çigildem” ýaly esasy öndürijileriniň mebel önümleri ýerleşdirildi. Şeýle-de serginiň çäklerinde ajaýyp gölli halylar, göz gamaşdyryjy reňkleri bilen ýalpyldaýan owadan zergärçilik önümleri görkezilýär. Türkmen öndürijileriniň — “Turkmenistan Coca Cola bottlers”, “Gönezlik”, “Sada” hojalyk jemgyýetleriniň azyk önümleri hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Olar ýokary hil derejesi bilen sarp edijileriň arasynda meşhurlyga eýedir. Bu önümleriň ählisiniň kabul edilen halkara ekologik we estetiki talaplaryň ölçeglerine laýyklykda gaplanyp bezelendigini hem bellemek gerek. Ýurdumyzyň bazarlaryndaky şeýle harytlar bu ulgamdaky ykdysady özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şol özgertmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, adamlaryň abadançylygyny üpjün etmäge, olaryň saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Başga habarlar
1676aaa73647e0.jpeg
Художественную киноленту «Махтумкули Фраги» представили в Узбекистане

Премьерный показ художественного фильма «Махтумкули Фраги» состоялся в Узбекистане. Как сообщает портал МИЦ, фильм создан под руководством режиссера Музаффархона Эркинова при сотрудничестве Агентства кинематографии, Объединения «Туркменфильм» и Национального центра развития кинематографии.


1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.