Habarlar

Kiberbäsleşigiň ýeňijileri

https://ussatnews.com/storage/posts/3610/original-16290e98fbb67f.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň kiberhowpsuzlyk boýunça jogapkär hünärmenleriniň we isleg bildirýän işgärleriniň kyrkdan gowragy gatnaşdy.

Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp geçirilen bu çekeleşikli bäsleşikde orta atylan 50 soragyň 49-syna dürs jogap bermegi başaran konserniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň birinji derejeli hünärmeni Merdan Ýegenmämmedow 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Balmyrat Hydyrow bilen «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Resul Gurbanow dagy bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeledi.

Döwrebap aýdym-sazlar bilen utgaşykly geçen bäsleşigiň ýeňijileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygy komitetiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.