Habarlar

Türkmenistanyň Hemişelik wekili UNIDO-nyň ýolbaşçysy bilen wodorod energetikasy ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/3613/original-1629238cf43916.jpeg

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen geçirilen duşuşykda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere garaldy.

Hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi..

Gerd Müller Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli ykdysady taslamalary, ileri tutýan ugurlary barada Baş direktoryň dykgatyna ýetirildi. UNIDO bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin bu Guramanyň ygtyýarlygyna degişli bolan ýaşyl başlangyçlar babatyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge Türkmenistanyň aýratyn üns berýändigi bellenildi.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.