Daşoguz welaýatyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde nebitgaz toplumyna maýa goýumlar göz öňünde tutuldy
Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý saparynyň barşynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda Türkmenistany ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hususan-da, bu strategik meýilnamanyň çäklerinde geljek ýyllarda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
“Türkmengaz” döwlet konsernine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli edara-kärhanalardaky iş orunlarynyň işgärler bilen üpjünçiligi barada habar berildi.
Içerki sarp edijileri hem-de daşarky bazarlary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, “Daşoguzgazakdyryş” we “Daşoguzgazüpjünçilik” müdirlikleri tarapyndan zerur işler geçirilýär. Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de onuň gorlaryny artdyrmak işleri bilen meşgullanýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň we pudagyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmagy dowam etdirmek, şol sanda nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleri görmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer “Guýulary düýpli abatlamak we gapdal sütüni gazmakda ulanylýan göteriji enjamlary we olara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident agzalan Karara gol çekip, wise-premýere onuň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.