Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/3630/original-16294374c4392a.jpeg

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ýerinde öwrenip, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitleýär.

Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berdiler.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna we hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyk derejede dowam edýär. Häzirki zaman binagärlik çözgütleri esasynda dürli önümçilik desgalary, durmuş ulgamyna degişli binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Gahryman Arkadagymyz täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşyk we timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň aýratynlyklary hem-de hil derejesi bilen gyzyklandy. Şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologiýasy, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.

Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenen möhletde tamamlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Täze merkezde ady rowaýata öwrülen Akhan atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak çözgüdi kabul edildi. Şunda ajaýyp bedewiň heýkeliniň oturdyljak şaýoluna döwrebap at dakmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şöhratly bedewiň heýkeliniň oturdyljak köçesiniň Akhan diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu baradaky teklibi öňe sürdi.

Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Gahryman Arkadagymyzyň teklibini oňladylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, desgalaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Olar ýerli tebigy-howa şertlerine, ýokary ekologik kadalara, aýratyn-da, milli bezeg aýratynlygyna hem-de berklik, oňaýlylyk talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň desgalarynyň gurluşygynda işleýän gurluşykçylaryň işi we dynç alşy üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatly özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşyk ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajypdyr. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylandygyny bellemek gerek. Şunda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýlelikde, ýakyn geljekde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik we ösüş ruhunyň aýdyň görkezijisi bolan täze şäher emele geler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň Baýdak meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde köpçülikleýin medeni çäreleriň, dabaraly ýörişiň geçirilmegini nazara alyp, ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, meýdançanyň töweregindäki ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adamlar üçin ähli amatlyklary bolan ýerasty geçelgeleriň gurulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde geçiren iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi we iş maslahatyny yzygiderli, ýagny her hepdede geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylar bilen pikir alyşdy.

Başga habarlar
16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.


16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.