Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine dürli görnüşli tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 922 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 1 million 551 müň manada deňbolan nah ýüplügi satyn aldylar.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaryşlar ussatlary saýlady
Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.