Maryda geçirilen halkara maslahatynda TOPH taslamasynyň wekilleri onuň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
Geçen anna güni Maryda Maryda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine we taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine edýän täsirine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi – diýip, ORIENT çäräni gurnaýjylara salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýatyndaky wekilligi tarapyndan Döwlet energetiki institutynda geçirilen bu çärä gatnaşmaga TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň diplomatik wekilleri we taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan hünärmenler çagyryldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatdaky wekilliginiň ýolbaşçysy Gadam Ilamanow öz çykyşynda TOPH taslamasynyň Aziýa sebitini gülletmäge we Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge ägirt uly goşant goşjakdygyny nygtap geçdi.
Owganystanyň Türkmenistandaky işleri ynanylan wagtlaýyn wekili Fazal Muhammad Sabir häzirki wagtda Owganystanyň ykdysady goldawa mätäçdigini we gaz geçirijiniň gurulmagynyň uly goldaw bolup biljekdigini tassyklady. Üstünden TOPH geçmeli welayatlarda köpsanly kärhanalary açmak we müňlerçe iş ýerlerini döretmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesiniň umumy ýokarlanmagyny üpjün eder.
Häzirki wagtda owgan tarapy taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň üstünde işleýär. Bar bolan maglumatlara görä, ýakyn wagtda gaz geçirijiniň gurluşygy Owganystanyň çäginde başlanar. Birinji tapgyrda ol Gerat welaýatyna çenli uzap, ol ýerde türkmeniň tebigy gazyndan ýaşaýjylaryň üç milliondan gowragy peýdalanyp biler.
Owganystanyň çäginde taslamanyň birinji tapgyry durmuşa geçirilenden soňra, tutuş ýurduň ýaşaýjylary TOPH-yň durmuş-ykdysady taýdan täsirini görerler we duýarlar, ol ilatyň has-da uly goldawyna eýe bolar we has-da batly depginler bilen durmuşa geçirilmegi dowam eder – diýip, Fazal Muhammad Sabir ynam bildirdi.
Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Irfan Ahmet duşuşykda – “TOPH gaz geçiriji we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji taslamalary boýunça gepleşikleriň üstünlikli geçişi uly ynam döredýär” – diýip belledi. Ilçi şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Pakistanyň energetika ministrliginde TOPH we TOP taslamalary boýunça üstünlikli gepleşikleri geçirendigini ýatlatdy, netijede taraplar taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmagyň tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidi üçin zerurlygy barada ylalaşypdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew öz çykyşynda beýleki energiýa çeşmeleri bilen deňeşdireniňde, has arassa we arzan bolup durýan tebigy gazyň ykdysady netijeliligini belläp geçdi.
“Türkmengaz” Döwlet konserniniň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bölüm müdiriniň orunbasary Baky Çaryýew taslamanyň gidişi barada gürrüň berdi. Hususan-da, gaz geçirijiniň deslapky tehniki taslamasyny API 5L, ASME B31.8, ANSI/API 780, ISO 31000:2018 we 18788 ýaly halkara ülňülerine laýyklykda taýýarlamak boýunça iş geçirildi. Seýle-de, tehniki barlag we dürli gözleg işleriniň dokuzysy üstünlikli geçirildi.
Geçirilen işleriň netijesinde taslama goşmaça maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen çäreler gurnalyp, olara iri maliýe gurluşlary gyzyklanma bildirip ugrady. Aziýa ösüş banky TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 1,1 mlrd amerikan dollaryny goýmaga taýýardygyny mälim etdi.
Häzirki wagtda hökümet derejesinde TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna gönükdirilen şertnamalaryň 25-isi baglaşyldy we bir kanun kabul edildi. Ylalaşyklaryň ýene 10-usynyň üstünde işlenilýär, Owganystan bolsa, “TOPH taslamasy barada” ýörite kanun taýýarlaýar.
Turbageçirijiniň gurluşygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak we potratçylary çekmek boýunça bäsleşikler yglan edildi, emma olar 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli, dürli tapgyrlarda wagtlaýyn togtadyldy. Taslama gatnaşmaga Ýewropanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň kompaniýalary tarapyndan gyzyklanma bildirildi.
Çäräniň barşynda beýan edilen pikirleri we getirilen maglumatlary jemlemek bilen, TOPH taslamasynyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň hökümeti tarapyndan goldanylýandygyny aýtmalydyrys. Gazgeçiriji sebit üçin strategiki ähmiýete eýe bolup, Aziýa halklarynyň durmuş-ykdysady we ekologik abadançylygyna oňyn täsir edip biler.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.