Habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/3646/original-16296dac7c8a72.jpeg

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, döredijilik sergileridir bäsleşikleriniň, şadyýan we gyzykly çäreleriň Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan mähriban körpelerimiziň, tutuş halkymyzyň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döretjekdigine berk ynanýaryn.

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda asylly däbimize eýerilip, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tutuş ýurdumyz baýramçylyk dabaralaryna gurşalýar. Bagtyýar nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülki sesleri, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, parahatçylyk söýüjiligimizi hem-de dostlugymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar.

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Watanymyzda ajaýyp Gökdere jülgesindäki, owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýär. Bu ajaýyp halkara baýramçylygyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny dabaralandyrýan wakalary mähriban körpelerimizde eziz Watanymyza beýik buýsanjy terbiýeleýär. Munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe hem-de bilim almaklaryna, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmeklerine, oňat dynç almaklaryna gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz watandaşlar!

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdiriler. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň gurluşyklary dowam etdiriler.

Raýatlaryň, aýratyn-da, çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek jemgyýetimizi hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde öňe sürýän esasy wezipelerimizdir. Şoňa görä-de, maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, bu ugurlary kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp we doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.

Mähriban halkym!

Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň zenanlaryň, eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen örän möhüm resminamalarynyň tutuş toplumyna goşuldy. Bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen çagalar edarasy bolan Çagalar gaznasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýarys hem-de bilelikdäki maksatnamalary, strategiýalary we meýilnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Çagalaryň we eneleriň hukuklaryny goramak maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi tarapyndan maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi biziň diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygymyzy görkezýär.

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
168fc9019deb95.jpeg
OGT 2025-de “Galkynyş” känini özleşdirmegiň tapgyrlary barada maglumat berildi

Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň müdiri, tehnika ylymlarynyň doktory Irina Lurýewa «Galkynyş» gaz käniniň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri boýunça çykyş etdi.


168fc8936594f3.jpeg
Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär

Türkmenistan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň Owganystana iberilmegini 2027-nji ýylyň başynda ýola goýmagy meýilleşdirýär.


168fa387ac8f64.jpeg
“Türkmengaz” DK-nyň başlygy: Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin açyk, ygtybarly we taýýar ýurt

Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatyň dowamynda çykyş etdi.

168f89ed6dab54.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» XXX halkara sergisi açyldy

22-nji oktýabrda irden Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) halkara forumy öz işine başlady.


168f8605fc0ec9.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara