Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň wekilleri Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy 31-nji maýda Almaty şäherinde geçirildi. Onuň dowamynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistanyň Owganystan bilen bagly alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň, şol sanda durmuşa geçirilýän TOPH taslamasynyň we Owganystanyň häzirki hökümeti bilen netijeli gepleşikleriň geçirilmeginiň üstünde durup geçdi.
Bu formatda yzygiderli esasda gepleşikleri geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Çäräniň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.
Şeýle-de çärä gatnaşmagynyň çäklerinde W.Hajiýew BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Debora Laýons bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň meseleleri hem-de Owganystana ýardam etmek boýunça halkara we ikitaraplaýyn tagallalar boýunça pikir alyşdylar.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.