Habarlar

Esenmyrad Orazgeldiýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/3682/original-1629ca800e3de9.jpeg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Orazgeldiýew E. hakynda

Orazgeldiýew Esenmyrady, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň pes derejede durmuşa geçirilýändigini, bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigini, ýerli toprak-howa şertlerini nazara alyp, işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmaga hem ýeterlik üns berilmeýändigini belläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigini nygtady.

Suw serişdelerini rejeli ulanmaga, oba hojalyk ekinleri ekilýän ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge, şeýle hem zeýkeş akabalaryny arassalamaga hem ýeterlik derejede üns berilmedi. Bu kemçilikleriň ählisi Daşoguz welaýatyndaky ýagdaýda anyk ýüze çykdy. Bu welaýatda gowaça ekmek boýunça meýilnama hem bellenen möhletinde ýerine ýetirilmedi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.