Habarlar

Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek

https://ussatnews.com/storage/posts/3698/original-1629e2306bfab1.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde:

guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda iýmlik mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 2 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanlarda ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak;

iýmlik mekgejöweniň, soýanyň we iýmlik bugdaýyň ekin meýdanlarynyň welaýatlar we etraplar boýunça ýerleşdirilişini, olary ösdürip ýetişdirjek kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň sanawyny kesgitlemek tabşyryldy.

Iýmlik däneleri öndürijileri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iýmlik bugdaýyň tohumy hem-de tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suwaryş suwlary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni mineral dökünler bilen agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur bolan möçberlerde we möhletlerde üpjün etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.