Habarlar

Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen türkmen gazyny almaga gyzyklanma bildirýär

https://ussatnews.com/storage/posts/3702/original-1629f66d17cc8d.jpeg

Eýranyň çäginiň üstünden Azerbaýjana türkmen gazyny ibermek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjini arasynda geçirilen gepleşiklerde bellenildi. Bu barada Azertaj Azerbaýanyň Ministrler Kabinetine salgylanyp habar berýär.

«Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň dowam edýändigi habar berildi. Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhümligi bellenildi» - diýlip, agetligiň habarynda aýdylýar.

Ondan öň, «Armenpress» habarlar agentligi Jawad Owjä salgylanyp, Eýranyň türkmen gazyny swop ulgamy bilen Ermenistana ibermäge taýýarlygyny habar berdi.

«Armenpressiň» habarynda bellenilişi ýaly, Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň bellemegine görä, eýran tarapy swop ulgamy bilen türkmen gazyny Ermenistana ibermäge taýýar. Türkmenistandan Ermenistana gaz ibermek boýunça gepleşikler eýýäm başlandy.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň gaz alyş-çalşygynyň çäklerinde günde 4,5 mln kub metr gaz ibermeklik başlandy. Eýran türkmen gazyny ýurduň gündogarynda alýar we öz gazyny Azerbaýjana Eýranyň demirgazyk-gündogaryndan iberýär.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.