Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bäş aý boýunça önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň 110,6, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 127,2, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 115,8, polipropilen öndürmek boýunça meýilnamanyň 141,9, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,2, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnamanyň 119,7, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 111,5, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnamanyň 121,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Nebit we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hem hasabat berildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz toplumynyň önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.