Habarlar

Bäş aýyň jemlerine garaldy

https://ussatnews.com/storage/posts/3708/original-1629f6cdfe7a59.jpeg

6-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Hasabat bilen çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz toplumynyň önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şeýle-de nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň hünär we bilim derejesini ýokarlandyrmak, täze, döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman maglumatlar, wajyp ugurlar boýunça hünärmenleri goşmaça okatmakda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkeziniň işini kämilleşdirmek babatda anyk wezipeler kesgitlenildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow üstümizdäki ýylyň alty aýyny zähmet üstünliklerine beslemek maksadynda her bir edara-kärhananyň işçi-hünärmenleriniň has-da tijenip işlemeginiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde toplumyň öňünde goýan wezipelerine amal etmekde önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini aýratyn nygtady.

Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.