Habarlar

Türkmenistan sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşýar

https://ussatnews.com/storage/posts/3725/original-162a2b7d91ef1d.jpeg

9-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda geçýär. Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň wekillerini, ýaşlar parlamentara assambleýasynyň agzalaryny, ýaşlar jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Bitarap Türkmenistan GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem, şol sanda parlamentleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi maksat edinýär. Ýurdumyz hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşup we täze many-mazmun bilen üstüni ýetirip, bu ugurda teklipleri, şol sanda GDA-nyň ykdysady giňişligini dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň çekmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda şu ýylyň maý aýynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy munuň aýdyň mysalydyr.

Şu gezekki forumyň gün tertibine ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi, häzirki döwrüň wehimleri hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik diplomatiýasynyň eýeleýän orny, GDA giňişliginde ýaşlaryň parlament düzümleriniň tejribesi, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin sazlaşykly, toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda işjeň we başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Ruhy taýdan kämil, terbiýeli, ýokary bilimli, watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi turuwbaşdan ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biri boldy we bu şeýle bolmagynda-da galýar. Ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly ösdürilmeginde, dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmeginde kesgitleýji orun eýelemek bilen, milli döwlet bähbitlerinde ileri tutulýar.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumynyň açylyşyndan soňra, oňa gatnaşyjylara söz berildi. Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly çykyşynyň başynda ähli kärdeşlerine ýüzlenip, olary mübärekledi hem-de “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” şygary astynda geçýän ýubileý forumyň işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, 1992-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy hereket edýän 30 ýylynyň dowamynda özüni parlamentarileriň halkara derejede üstünlikli hyzmatdaşlygy üçin netijeli düzüm hökmünde görkezdi. Şu döwrüň dowamynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň umumy kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmegine gönükdirilen 600-den gowrak kanun kabul edildi. Munuň özi GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň biziň ýurtlarymyzyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygynda köp sanly oňyn tekliplerdir taslamalar boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Biziň döwletlerimiziň ösüşini hem-de üstünlikli goşulyşmagyny üpjün edýän bu abraýly gurama bilen türkmen parlamentarileriniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm orny bellenildi. Şu ýylyň 12-nji maýynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň jemleri muňa mysal hökmünde görkezildi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenkonyň teklibi boýunça forumyň “Aşgabat görnüşi” diýlip atlandyrylandygy hem-de bu düzümiň edara binasynyň we müdiriýetiniň türkmen paýtagtynda ýerleşdiriljekdigi nygtaldy.

Şol forumda kabul edilen Jarnama netijesinde biziň ýurtlarymyzyň netijeli parlamentara hyzmatdaşlygy geljekde-de içeri we daşary syýasat, sebitleýin, ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, söwda, ulag, kommunikasiýa, energetika, ekologiýa, medeniýet, ylym, bilim we beýleki ulgamlarda üstünlikli dowam etdiriler. Şeýle-de Aşgabat Jarnamasynda biziň öňe süren hem-de halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň, dialogyň we ynanyşmagyň medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjymyzyň ähmiýeti bellenilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň “Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny” ady bilen şu ýylyň 13-nji maýynda Aşgabatda geçirilen dialogynyň hem giň halkara hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanandygyny nygtady. Bu duşuşyk dostlukly ýurtlaryň geljekde-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklarynyň derejesini ýokarlandyrmakda, şol sanda gender deňligini, bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň gazananlaryny, zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde olaryň ornuny pugtalandyrmak meselelerine ygrarlydyklarynyň subutnamasy boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr. Biziň halkara parlament işimiz häzirki döwürde hut şu ugurda möhüm ähmiýete eýedir diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda şu ýyl döredilmeginiň 10 ýyllygyny belleýän Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň möhüm ornuny hem belledi. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň 22-nji noýabrynda döredilip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwletara düzümi bolan bu gurama ýaş parlamentarileri özara gyzyklanma bildirýän köp meseleler boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga işjeň çekýär. Şol sebäpli-de şu günki foruma gatnaşýan türkmen toparynyň düzümine biziň ýaşlarymyzyň wekilleri hem girizildi.

Biz hemmetaraplaýyn ösen, bilimli, hünärine ussat ýaşlary, olaryň hünär we döredijilik taýdan gazananlaryny wagyz etmek hem-de goldamak bilen, ýaş neslimiziň ynsanperwer, watançy, ruhy we beden taýdan sagdyn, jogapkärli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli zerur şertleri döredýäris. Şularyň netijesinde ýurtlarymyzyň ýaşlary Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň gepleşikler üçin açyk meýdançasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaşlar geljekde-de halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmelidirler, dostlugy we özara ynamy berkitmelidirler, oňyn başlangyçlary öňe sürmelidirler, ýaşlar syýasaty ulgamynda täze ýollary gözlemelidirler, özara bähbitli syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary giňeltmelidirler diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär, onuň döwrüň täze talaplaryna laýyk gelýän hukuk esaslary kesgitlenilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly maksatnamalar kabul edilýär we amala aşyrylýar. Şeýle maksatnamalar taýýarlanylanda, ýaşlaryň ýerine ýetirmeli işleri bilen bir hatarda, olaryň bähbitleridir durmuş zerurlyklary-da göz öňünde tutulýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» türkmen ýaşlarynyň özleriniň hem-de Watanymyzyň nurana geljeginiň berk binýadyny döretmekleri üçin täze mümkinçiliklere eýe bolmaklary ugrunda ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Şu ýyllaryň dowamynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň hem-de Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň toplan oňyn tejribelerini hasaba almak bilen, biziň ýaşlarymyzyň halkara guramalaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlaryň we festiwallaryň işine işjeň gatnaşmaklaryny goldamagyň zerurdygy bellenildi. Şu maksat bilen, döwletara maglumatlar ulgamlaryny kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny giňden peýdalanmak möhümdir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllyk, GDA-nyň Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllyk şanly seneleri bilen ýene-de bir gezek gutlady we dürli ulgamlarda parlamentarileriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, oňyn döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin täze syýasy-hukuk binýatlaryň döredilmegine ýardam berjek bu taryhy forumyň işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Goý, biziň ýurtlarymyzyň parlamentara hyzmatdaşlygy halklaryň arasynda parahatçylygyň we ynamyň ösdürilmegine, dost-doganlygyň berkidilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de döwletlerimiziň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bersin!» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň adyna aýdylan hoşniýetli sözler üçin bu çäräniň guramaçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Forumyň wekilleri häzirki döwürde ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga ýaşlary çekmek arkaly döwrebap görnüşleri girizmegiň wajypdygyny biragyzdan bellediler. Iň esasysy bolsa, bu hyzmatdaşlyk umumadamzat gymmatlyklarynyň ösdürilmegine hem-de berkarar edilmegine gönükdirilip, dünýäde parahatçylyga, ylalaşyklylyga, halklaryň arasyndaky dostluga ýardam bermelidir. Şeýlelikde, forumyň dowamynda GDA döwletleriniň parlamentarileriniň durnukly ösüşiň bähbidine uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Iki günläp dowam etjek forumyň iş maksatnamasynda plenar mejlisler, strategik mejlisler, pikir alyşmalar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, ussatlyk sapaklary we beýleki çäreler bar.

Başga habarlar
1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.

1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.


1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.