Habarlar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar

https://ussatnews.com/storage/posts/3733/original-162a4438a6d29e.jpeg

Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Nur-Sultanda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebitiň syýasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, wajyp halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hazar meselesi gepleşikleriň möhüm temasy boldy. Hususan-da, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek bilen bagly meslelere seredildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem iki ýurduň sebit we halkara derejesinde gatnaşyklarynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we Gazagystanda bar bolan döwrebap guryýer we deňiz ulag infrastrukturalarynyň ulanylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem energetika, oba hojalygy, senagatçylyk ýaly ulgamlarda bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.