Habarlar

«Körpeje» müdirliginiň önümçilik görkezijileri artýar

https://ussatnews.com/storage/posts/3737/original-162a44ffa39746.jpeg

«Halkyň Arkadagly zamany» şygasy astynda geçýän ýylyň hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi boýunça hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy 1 mlrd 52 mln kub metrden geçdi, önümçilik meýilnama 121,5% ýerine ýetirildi.

Körpeje, Çekişler, Altyguýy guýularyndan gaz kondensatynyň çykarylyşyny möçberi 15 müň 340 tonna barabar boldy, meýilnamadan artyk 3 müň 621 tonna çykaryldy.

Häzirki wagtda kärhanada 750-den gowrak işgär zähmet çekýär. Müdirligiň bölümleri döwrebap tehnologiki desgalar, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary takyk kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilen. Çekişler meýdançasynda hereket edýän pes temperaturaly desgada günde 5 mln kub metr töweregi taýýarlanylýar.

Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalarynda gazy toplamak, taýýarlamak we sarp edijilere ibermek boýunça ölçeýji enjamlar netijeli peýdalannylýar. Doly taýýarlykdan we arassalamadan soň, gaz «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalaryna iberilýär.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.