Habarlar

«Türkmengaz» DK «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3746/original-162a80a30c6425.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Degişli kararyň taslamasyny dwlet Baştutanynyň garamagyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hödürledi.

Bellenilişi ýaly, türkmen tebigy gazyny çykarmakda, sarp edijilere ýetirmekde hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmakda “Galkynyş” gaz käninde çykarylýan tebigy gazy harytlyk derejesine getirmek möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hasabaty dowam edip, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, önümçiligi zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Dürli ölçegli oturtma turbalary satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Dürli ölçegli oturtma turbalary täze burawlanýan nebit guýularynyň gurluşygynda ulanmak meýilleşdirilýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz känlerini özleşdirmek, täze guýulary burawlamak işleriniň yzygiderli dowam edýändigini belledi. Munuň üçin bolsa ähli amatly şertler döredilýär. Ilkinji nobatda, bu toplum häzirki zaman enjamlary we tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutany hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.