Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder
Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada bellenilýär.
Taraplar energetika babatda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini, hususan-da, iki ýurduň nebitgaz kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler we olaryň arasynda geologiýa-gözleg işleri hem-de nebitgaz ýataklaryny işläp geçmek, nebitgaz pudagynda tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça bilelikde tagallalary ederler.
Taraplar energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda bar bolan elektrik energiýasynyň generasiýasy desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler.
Taraplar iki ýurduň gatnaşyjylary bolup durýan hereket edýän ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň netijeli hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.
Taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin raýat awiasiýasy ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk ederler.
«Taraplar awtoulagda milli daşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, halkara awtomobil gatnawlary babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler» - diýlip resminamada aýdylýar.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.