Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi
10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň resmi ýagdaýda öz ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrýandygyny, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykarýandygyny, şol gatnaşyklaryň bu ýokary döwlet wezipesinde işläp, ozal uly hyzmatlary bitiren Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hakyky strategik derejä çykarylandygyny belledi.
Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm pudaklarynyň biri energetikadyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy we bu meselä şu gün aýratyn üns berlendigini belledi. Iki tarap hem ugurdaş edaralaryň işi boýunça özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, işewür toparlaryň özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin “Gazpromyň” Russiýa tarapyndan Türkmenistandan gazyň satyn alynmagynyň mümkinçiligini göz öňünde tutýan uzak möhletleýin Şertnamanyň çäklerinde Türkmenistandan gazy eksport etmegi guramak boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlady. “Lukoýl” Hazar deňzindäki “Dostluk” nebitgazkondensatly känini özleşdirmegiň taslamasyna operator hökmünde gatnaşmagyň şertleri barada gepleşikleri alyp barýar.
Nebit guýularyny abatlamak we olara hyzmat etmek bilen meşgullanýan “Tatneft” Türkmenistanda ozaldan bäri üstünlikli işleýär. Häzirki zaman rus tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy nebit senagatynyň öndürijiligini ep-esli artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Russiýanyň beýleki iri energetika we senagat ugurly kompaniýalary hem Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini nygtap, Prezident Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk Russiýanyň Lideri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Russiýanyň Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir energetika ulgamyna däl, eýsem, senagat, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan awtoulaglaryň, deňiz we awiatehnikalaryň köp mukdaryny satyn almak bilen bir hatarda, Russiýanyň kompaniýalaryna ýurdumyzyň çägindäki iri ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Soňra Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Soňra «Malahit» zalynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Moskwada russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň netijelerini beýan etmek bilen, şu saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda we birnäçe beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini nygtady.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.