Geljekde Türkmenistan bilen gaz ulgamynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklar üçin ähli tagallalary ederis — CNPC-niň ýolbaşçysy
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde täze desganyň ulanmaga berilmegi her bir hytaý we türkmen hünärmenleriniň her biri üçin ýatdan çykmajak wakadyr. Bu barada Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde täze gaz toplaýjy bekediň ulanyşa girizmek dabarasynyň barşynda eden çykyşynda belledi.
Myhman Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň adyndan Serdar Berdimuhamedowa energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüminde kompaniýanyň alyp barýan işlerine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, 2007-nji ýylyň iýul aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakynda şertnama, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “CNPC” korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak boýunça şertnama gol çekilendigi bellenildi.
Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli, uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.
Iki ýurduň Liderleriniň uly aladasy hem-de ýokary ünsi netijesinde “CNPC” korporasiýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni şertnamalaýyn çäkde netijeli gatnaşyk edýärler. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler dünýäniň ünsüni özüne çekdi, halkara jemgyýetçiligiň uly hormatyna eýe boldy.
Geljekde “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyryp, energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksat edinilýär.
Türkmenistan tebigy gaz gorlaryna örän baýdyr. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uludyr. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn özara bähbitli gaz hyzmatdaşlygyny biri-biriniň üstüni ýetirýän hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar diýip, Hou Siszýun aýtdy.
Türkmenistan Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa Türkmenistanyň tebigy gazyň söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr diýip, hytaýly myhman ýene-de bir gezek nygtady.
Şu ýylyň başynda bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny kesgitlän täze ylalaşyklaryň gazanylandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär.
Biz mundan beýläk-de gaz pudagynda durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hem-de ähli beýleki pudaklarda özara hereketler üçin zerur tagallalary ederis diýip, “CNPC-niň” ýolbaşçysy ynandyrdy.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.