Habarlar

Aşgabatda Halkara maslahatyna gatnaşyjylar uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtlerini maslahatlaşarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/3797/original-162b3bc06b46bf.jpeg

23-nji iýunda türkmen paýtagtyndaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.

Maslahatyň çäklerinde dünýä belli «Derweze» kraterini dolandyrmak meselesine aýratyn üns berler. Bölümçeleriň birinde Kanadanyň patyşalyk geografiýa jemgyýetiniň meşhur barlagçysy Jorj Koronis prezentasiýa bilen çykyş eder. Ol 2013-nji ýyldaky ylmy ekspedisiýanyň barşynda ilkinji bolup alawlap duran «Derweze» krateriniň düýbüne aýak basypdy.

Maslahaty guramaçylaryň bellemeklerine görä, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde duran ekologiýa meselelerini maslahatlaşmak hem-de türkmen döwlet edaralarydyr iri nebitgaz institutlarynyň hem-de daşky gurşawa we ýaşyl geljege gönükdirilen halkara guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen abraýly çäräni her ýylda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan ekologiýa meselelerine, hususan-da, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamakda metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berýär.

Maslahata Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary derejeli wekillei, milli we daşary ýurt nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, energetika guralamarynyň ýokary wekilleri, şeýle hem halkara institutlarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşar.

Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular, täze eýýamyň wodorod we energetika taslamalary, «Derweze» gaz kraterini dolandyrmagyň geljegi», arassa energiýany ilerletmekde halkara tejribesi we Türkenistanyň energetika toplumy üçin elýeterli bolan täze klimat maliýeleşdirmesi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy bolar.

Gatnaşyjylaryň hataryna CNPC, BP, SOCAR, Petronas, Areti, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri girýär. Şeýle hem gatnaşyjylaryň hatarynda Halkara energetika agentligi, IRENA, Global gaz merkezi, Gazy eksport edijileriň Forumy, Inžener-nebitçilariň jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty ýaly iri halkara nebitgaz guramalarynyň wekilleri ýar.

Mejlislerde we panel diskussiýalaryna BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň we Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşar.

Saparlara çäklendirmeler zerarly çäre däp bolan görnüşde hem-de onlaýn görnüşde geçiriler. Şular ýaly çemeleşme Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guramakda hem peýdalanylar.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.