BMG «ýaşyl» tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana ýardam etmäge taýýar
Birleşen Milletler Guramasy we onuň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) «ýaşyl» tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana ýardam etmäge we global energetiki geçiş döwründe aktual bolan ylmy maglumatlaryň ählisine elýeterlilik hödürlemäge taýýar.
Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahatynyň barşynda belledi diýip, ORIENT habar berýär.
— Biziň pikirimizçe, Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny düýpli alatmagyna ýardam edip biljek tehnologiýalar bar. Bizdäki maglumatlara görä, eger-de olar işe girizilse, onda zyňyndylar 75% azalar, bu bolsa diýseň köp. Şonuň üçin hem bu günki gün BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň dowam etmegi örän wajypdyr — diýip Şlapaçenko belledi.
BMG-niň düzümleriniň garamagyna görä, Aşgabat metan zyňyndylary bilen bagly meseleleri öňdäki hatara çykardy we bu meseler bilen göreşer diýip, diplomat belledi.
Bu gezekki ekologiýa maslahatynyň guramaçylygy babatda belläp geçip, Şlapaçenko onuň ýokary derejede üstünlikli geçendigini nygtady.
— Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri, hususan-da, metanyň zyňyndylary meseleleri babatda BMG hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlary bilen örän açyk işleýändigine şaýatlyk edýär.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.