Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň täze wekili bilen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýagyň arasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Aziýa Ösüş Banky bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi.
Sebit we halkara energetiki hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnzaryndan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berdildi.
Belläp geçsek, Türkmenistan 2000-nji ýylda AÖB-niň agzasy boldy. AÖB ýurtda maýa goýum maksatnamalaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň ägirt uly energetika gorlaryny we strategiki ýerleşişini nazara alyp, AÖB-niň operasiýalary ýurdumyzyň ulag we energetika ulgamlaryny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny we söwdasyny giňeltmäge mümkinçilik berýär giň gerimli infrastruktura taslamalaryny ilerletmäge gönükdirilendir.
AÖB-niň 2018-2019-njy ýylda Türkmenistana karzlaşdyrma maksatnamasy energetika, ulag we hususy pudagy ösdürmek ýaly ugurlara 950 mln dollara baraabr boldy.
Öň, AÖB TOPH-nyň tranzaksion geňeşçisi we sekretariaty, şeýle hem geleşik boýunça maslahatçysy hökmünde çykyş etdi. Bank geljekde hem bu taslamany goldamagy, şol sanda maliýe maslahatlaryny bermegi, TOPH konsorsiumynda paýdarlar kapitalyny maliýeleşdirmegi wada etdi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.