Türkmenistan Owganystana degişli harytlary, azyk önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini ynsanperwer kömegi hökmünde berer
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitremäniň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2022-nji ýylyň iýun aýynda doganlyk owgan halkyna kömek bermek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary, azyk önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini owgan tarapyna ynsanperwer kömegi hökmünde muzdsuz bermek tabşyryldy.
Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň iýun aýynda Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
Rihter şkalasynda 5.9 ball ululykda ýer titremesi Owganystanyň merkezi sebitinde 22-nji iýunda gije Paktika we Host welaýatlaryna täsir etdi. Azyndan 1000 adamyň ölendigi we azyndan 1500 adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.