Habarlar

Hökümet mejlisinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/3833/original-162ba72247f3e6.jpeg

29-njy iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk meseleleri geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammite taýýarlyk barada hasabat bermek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Prezidentimiziň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.

Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň toplumy giriziler. Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

28-nji iýunda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlanar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu syýasat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar.

Döwlet Baştutany hödürlenen maksatnamany makullap, VI Hazar sammitiniň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ileri tutulýan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.

Prezident Türkmenistanyň kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, degişli şertnama-hukuk binýadyny kemala getirmäge, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, Hazaryň parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi derejesiniň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegini dowam etdirer.

Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjek Aşgabat sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de belent mertebeli myhmanlaryň halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşy alynmagyny tabşyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.