Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/3843/original-162bc634fb87a6.jpeg

29-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Altynjy Hazar Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň ählumumy bähbitlere sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän goňşy Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşyp, Hazar “bäşliginiň” Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirip, bu Sammitiň ýakyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatynda pikir alyşmaga hem-de olaryň köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň täze ýollaryny gözlemäge oňat mümkinçilik döreder.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda esasy halkara guramalarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, şeýle hem geljegi has uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň hut ýakynlygy, halkara giňişliginde olaryň özara goldawy, goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyna, şeýle hem doganlyk halklary gadymdan bäri baglanyşdyrýan ynamyň we özara hormatyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.