Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi
Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Hazar Sammiti geçirildi. Sammite Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar.
Altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler, şeýle-de wekiliýetleriň giňeldilen düzüminde Hazar deňzinde dürli pudakda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hem sebitiň gün tertibinde duran taraplaryň ählisi üçin bähbitli wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça altynjy Hazar sammitiň Beýanaty kabul edildi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.