Wladimir Putin: «Gazpromyň» ýolbaşçylary ýakynda Türkmenistana geler
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Gazpromyň» ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana geljekdigini habar berdi.Bu barada Russiýanyň Lideri 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti tamamlanandan soň, žurnalistleriň sowalyna beren jogabynda aýtdy diýip, Russiýanyň Prezidentiniň saýty habar berýär.
Wladimir Putin Türkmenistana bu saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki geljegi barada gürrüň berdi.
«Men eýýäm belläp geçipdim we ýene-de gaýtalamak isleýärin: Türkmenistany we Türkmenistanyň halkyny bu saýlawy bilen gutlamak isleýärin. Täze Prezident — ýaş, gujurly, kämil bilimli we döwlet işinde eýýäm tejribeli. Biziň oňyn gatnaşyklarymyz emele gelýär. Ol öňki Prezidentden — kakasyndan estafetany kabul etdi. Moskwa sapary wagtynda örän peýdaly hem ýerlikli gürrüň etdik. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny kesgitledik we ony durmuşa geçirip başladyk» diýip, Wladimir Putin belledi.
«Gurbanguly Mälikgulyýewiç barada bellesek, onuň bilen diýseň dostlukly gatnaşyklarymyz bar. Onuň tagallalary mynasybetli rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin binýat döredildi, hyzmatdaşlyk dowam edýär, üstesine, kompaniýalarymyzyň energetika, bilim, ulag ugurlary boýunça hem dowam edýär. Bu örän wajyp, häzirki zaman dünýäsinde logistika ykdysady üstünligiň möhüm düzüjileriniň biridir» - diýip, RF-niň Prezidenti belledi.
«Gatnaşyklarymyzyň däp bolan ugurlary boýunça hem: energetika, beýleki birnäçe ugurlar boýunça hem anyk ylalaşyklar bar, şol sanda käbir şertnamalarymyzy dowam etmek hakynda ylalaşyk bar. «Gazpromyň» ýolbaşçylary ýakynda Türkmenistana geler» diýip, W.Putin belledi.
«Şonuň üçin hem biz Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna bu çäräni gurandyklary üçin minnetdardyrys. Şular ýay uzaga çeken, aýdaly «kowid arakesmesinden» soň, birek-birek bilen doly derejede işlemmek miýesser etdi. Bu örän peýdaly boldy» diýip, Putin belledi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.