Habarlar

Serdar Berdimuhamedow: Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar

https://ussatnews.com/storage/posts/3857/original-162bdd0be2de43.jpeg

Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda belledi.

Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary we beýleki köp ugurlary öz içine alýar.

Prezident bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täsin görnüşini — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüdiň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Ýatlatsak, şeýle forum ilkinji gezek 2019-njy ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Şonda kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar Hazarda hojalyk işini strategik taýdan meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrüldi, onuň geljegini kesgitledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ulag barada barýar.

«Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şoňa görä-de, elbetde, biziň ýurtlarymyza port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar. Syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Geljege jogapkärli we öňdengörüjilikli garamak möhümdir: ählumumy syýasatdaky häzirki çylşyrymlylyklar, gapma-garşylyklar bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlara umumy maksatlara we umumy ykbala düşünmekde bitewüligi saklap galmak zerurdyr.

Geljege jogapkärli we öňdengörüjilikli garamak möhümdir: ählumumy syýasatdaky häzirki çylşyrymlylyklar, gapma-garşylyklar bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlara umumy maksatlara we umumy ykbala düşünmekde bitewüligi saklap galmak zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň güýje girmegine kanagatlanma bildirýäris.

Halkara işewürligiň, maliýe institutlarynyň Hazar sebitine uly üns we gyzyklanma bilen garaýandygyna, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatlygyna düşünýändigine ynanýaryn.

Telekeçilik üçin oňat şertleri döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatda bolsa, könelişen bökdençliklerden azat etmek, Hazary möhüm we uzak möhletli maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýere öwürmek üçin bizde ähli mümkinçilikler bar.

Umuman, Hazar deňziniň ulag ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek babatda öňümizde uly we anyk maksady ynamly goýup bileris diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.