Habarlar

Türkmen-wýetnam işewürler forumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär

https://ussatnews.com/storage/posts/3864/original-162bfda6803643.jpeg

29-njy iýunda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagty Hanoýda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen, 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn ykdysady we iş gatnaşyklatyna seretmek we derňemek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary boýunça, söwda şertleri, maýa goýum we ykdysady integrasiýasy barada söwda ulgamynyň kompaniýalary we döwlet düzüminiň wekilleri bilen pikir alyşmaga mümkinçilik gazandylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi, şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen wýetnem wekiliýetiniň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşuklary geçirildi. Işewürler maslahatyň netijelerine görä, Hanoýda türkmen we wýetnam telekeçileriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem Hanoýa saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwlet we hususy telekeçilikden maýa goýumlaryny çekmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk ýaly pudaklar we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde saýlanyp alyndy. Anyk ylalaşygy gazanmak boýunça iki döwletiň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hereketleri pugtalandyrmagy teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň, hususan-da gurluşyk ugry boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek boýunça tekliplerine seredildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.