Habarlar

Nebitiň bahalary aşaklaýar, Brent — 108,84 dollar

https://ussatnews.com/storage/posts/3866/original-162bfe92bedf50.jpeg

ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň haýallaýandygy we energiýa serişdelerine bolan islegiň peselmeginiň mümkinligi baradaky nobatdaky yşaratlaryň çäginde anna güni nebitiň bahalary aşaklap, hepdäni peselmek bilen tamamlaýar diýip, Interfaks habar berýär.

Neşir edilen statistiki maglumatlar ABŞ-nyň ilatynyň çykdajylarynyň maý aýynda ýylyň başyndan bäri aprelde 0,6%-den 0,2 göterime çenli peselip, depgininiň aşaklaýandygyny görkezdi. Sarp ediş çykdajylarynyň paýyna ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň 70%-i düşýär we statistiki maglumatlar bazar tarapyndan ýaramaz ykdysady yşarat hökmünde kabul edildi.

Brent nebitiniň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda öňküsi gündäkiden 0.17% aşaklap, 108,84 dollara deň boldy.

WTI nebitiniň awgust fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda öňküsi gündäkiden 0,35% peselip, 105,39 dollara deň boldy.

Iýun aýynda Brent-iň bahasy 6,5% peseldi, emma ikinji çärýegiň netijeleri boýunça 6% ýokarlandy. WTI bir aýda 7,8% aşaklady we çärýek boýunça 5,5% ýokarlandy diýip, Dow Jones Market Data-nyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Birinji ýarymýyllykda Brent 48%, WTI bolsa – 41% gymmatlady.

OPEC+ ýurtlarynyň ministrleri penşenbe güni mejlisiň netijeleri boýunça awgust aýynda nebit çykarmak kwotasyny 648 müň b/g çenli artdyrmak meýilnamasyny ýene-de bir gezek tassykladylar. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden şu aýda Ýakyn Gündogara gider we Saud Arabystany hem-de BAE bilen önümçiligi has işjeň artdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.