Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/3889/original-162c9004fd1647.jpeg

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi ynsan kalbynyň tämizligini hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Gurban baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Gurban baýramy asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelnen medeni-ruhy mirasymyzy, ahlak ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy özünde jemlemek bilen, Watanymyzyň gaýratly Ogly Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary arkaly täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylan hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun tutýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram täze taryhy döwürde jemgyýetimizi döredijilikli maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem köpasyrlyk däplerimize eýerip, bu mukaddes baýramçylyga bagyşlap, ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralary geçirýäris.

Abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir maşgalada bereketli saçaklary giňden ýazyp, baýramçylyk tagamlaryny taýýarlap hem-de gurbanlyk sadakalaryny berip, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine ygrarly eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýagşy doga-dilegleri, birek-birege mähirli arzuwlarymyzy beýan edýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli döwletlilik ýörelgelerimize daýanyp, beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýäris. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň sygnyp gelen watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk hem-de päk wyždanlylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek bilen, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, namaz okamaklary, oraza tutmaklary, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatlaryny berjaý etmekleri üçin şu ýyl hem Türkmenistanyň wekillerinden ybarat topary doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik. Munuň özi jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar.

Mähriban watandaşlar!

Gündogar hem-de Günbatar halklarynyň medeniýetleriniň, adamzat ösüşine aýgytly täsir eden pelsepewi mekdepleriň döremegine, dini kada-kanunlaryň, dogruçyllyk, päklik, bitewülik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary biziň egsilmez genji-hazynamyzdyr. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň döwrümize gelip ýeten bu miras halklary doganlaşdyrýar, parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar. Şonuň üçin hem pederlerimiziň ýörelgelerini nusga edinip, mähriban halkymyzyň maksada okgunly, döredijilikli we işjeň zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys. Giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, ilkinji nobatda, halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda senagat-önümçilik kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirip, eziz Watanymyzyň beýik geljegi üçin täze ösüşlere badalga berýäris.

Ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan üstünliklerimizden, bagtyýar zamanamyzdan ruhlanyp, milli bähbitlerimiziň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Çünki bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň has-da belende galmagy üçin etjek ýagşy doga-dileglerimiz, gurbanlyk sadakalarymyz beýik hem-de keremli Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de maşgala rowaçlygyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
1698aab9685587.png
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady.


16988addfbfdc4.jpeg
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Astana ugradylar: Maksat — ABŞ-daky dünýä finaly

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugradylar. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FTC (FIRST Tech Challenge) çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar.


1698723a9df5b3.jpeg
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy

7-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

169871988cd6e2.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň jemleri maslahatlaşyldy

6-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


1698715fc983f1.png
Kitap - bilimiñ açary

Halkara senagatçylar we telekeçiler euniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp gymmatly eserleriniň ähmiýeti barada “Kitap – bilimiň açary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.