Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.
“Sindzo Abe görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Ýaponiýanyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri bitirdi. Ol türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abe anna güni irden aradan çykdy. 67 ýaşly Abe günortadaky Nara şäherinde çykyş edende arkasyna iki gezek atyldy.
Sindzo Abe 2020-nji ýylda premýer-ministrlik wezipesinden aýryldy, ýöne Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal Demokratik partiýasynda güýçli şahsyýet bolup galdy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.