Habarlar

Hökümet mejlisinde Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda işiniň netijelerine garaldy

https://ussatnews.com/storage/posts/3908/original-162cd379cb01ba.jpeg

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 100,7 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berildi.

Wise-premýer nebitgaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 111,5 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 112,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 132,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 115,9 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 153,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 105,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 118,6 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 112,3 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 122,4 göterim berjaý edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüşi 161,8 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin nebitgaz toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutany ähli tagallalaryň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de pudagyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow nebitgaz guýularynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmak üçin anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu işi kämilleşdirmek şu günüň möhüm wezipeleriniň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy ýola goýmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutany geologik-gözleg, seýsmiki-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, häzirki zaman tehnologiýalaryny, şol sanda 3D ölçeg tehnologiýalaryny ulanmak bilen täze nebitgaz ýataklaryny açmagy we özleşdirmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.