Habarlar

Ýarym ýylyň jemlerine garaldy

https://ussatnews.com/storage/posts/3910/original-162cd96bb6d850.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin toplumyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, ähli tagallalary ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we pudagyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirmek, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, nebitgaz guýularynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmak, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini artdyrmak, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işini kämilleşdirmek, geologik-gözleg, seýsmiki-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny, şol sanda 3D ölçeg tehnologiýalaryny ulanmak bilen täze nebitgaz ýataklaryny açmak we özleşdirmek, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işlemegini gazanmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň meseleleri bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ony jemlemek bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.