«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar
Hormatly adamlar,
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri aşakdaky çärelerine gatnaşmaga çagyrýar:
2022-nji ýylda «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň telekeçiler üçin «Açyk gapylar» güni.
Seneler:
Aşakdaky senelerde işewürligiň dürli ugurlary boýunça çäreler
1. 2022-nji ýylyň 15-nji iýuly. (Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk, gorag howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmaty berijiler)
2. 2022-nji ýylyň 16-njy iýuly. (Şu ugurlar boýunça hyzmatlary berijiler: mehaniki statiki we mehaniki aýlawly enjamlar, elektrik enjamlar, Barlag lçeg enjamlary, gözegçilik ulgamy we ölçeg ulgamynyň enjamlary)
3. 2022-nji ýylyň 18-nji iýuly. (Önümçilik we operasion hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler)
4. 2022-nji ýylyň 19-njy iýuly. (Önümçilik we operasion hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler)
5. 2022-nji ýylyň 20-nji iýuly. (Logistika we ammarlar boýunça hyzmatlary berijiler)
6. 2022-nji ýylyň 21-nji iýuly. (Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we umumy administratiw hyzmatlar boýunça hyzmatlary berijiler)
Wagty: 08:30 – 12:30
Geçiriljek ýeri: «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Gyýanlydaky zawody
Geçiriljek ýere Kompaniýaňyz barada doly maglumatlary getirmegiňizi haýyş edýäris.
Eger-de siz gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, şu elektron salgylar boýunça kompaniýaňyz barada maglumatlary «2022-nji ýylda «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin «Açyk gapylar» güni» sözbaşysy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda 12:00-a çenli ibermegiňizi soraýarys.
«Giriş mugt, her kompaniýadan 2-den (iki) köp bolmadyk wekil çagyrylýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.