Habarlar

Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny, gaz we nebit önümlerini almaga gyzyklanma bildirýär

https://ussatnews.com/storage/posts/3938/original-162d25d1dd5b2d.jpeg

14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär. Penşenbe güni iki ýurduň Hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Ileri tutulýan ugrularyň hatarynda energetika ulgamy hem bellenilip geçildi.

— Energetika ulgamynda, şol sanda Türkmenistandan elektroenergiýa, gaz we nebit önümlerini ibermek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew metbugat çykyşynda nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, däp bolşy ýaly, hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse köpeldi. Şu ýylyň ahyryna çenli söwdamyzyň möçberini ABŞ-nyň 1 milliarddan gowrak dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar, orta möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeltmek bolar. Munuň üçin ähli esaslar bardyr diýip, özbek Lideri belledi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine we giňeldilmegine bil baglaýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi. Biziň umumy hasabymyzda eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy — Türkmenistan — Özbegistan —Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy bar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi we özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmak, olaryň üstaşyr ugurlaryny giňeltmek mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Döwlet Baştutany özbek Liderini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 19-syna gol çekildi.

Şeýle hem Daşkentde iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda mebel toplumynyň, konditer, himiýa we oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada birnäçe şertnamalara gol çekildi. Şeýle-de Türkmenistanda awtomobil önümçiligi boýunça kärhananyň taslamasyny düzmek hem-de Özbegistanda gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada ylalaşyklar gazanyldy. Umuman, dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million dollaryndan gowrak boldy.

Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýediginiň, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.