Habarlar

Aşgabatda ulag boýunça halkara maslahat 170-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemlär

https://ussatnews.com/storage/posts/3948/original-162d3fe340b98a.jpeg

18-nji iýulda Aşgabatda sebit we sebitara gatnaşyklary berktimäge we ösdürmäge gönükdirilen ulag we üstaşyr geçelgeleri dikeltmeklige bagyşlanan Halkara maslahat geçiriler. “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşjak delegatlaryň 400-den gowragy hasaba alyndy.

Bu iri halkara forumy 18-19-njy iýulda Aşgabatda geçiriler we oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 170-den gowragy, ýerli kompaniýalaryň 90-a golaýy gatnaşar. Çykyş etjekleriň arasynda Türkmenistan hökümetiniň we halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň, döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri bolar.

Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda adaty we onlaýn görnüşde geçiriler. Şol bir wagtyň özünde çykyş edýänleriň we gatnaşýanlaryň köpüsi Zoom platformasynyň üsti bilen dünýäniň dürli künjeklerinden prezentasiýalara we çekişmelere gatnaşarlar.

Bu konferensiýa pikir alyşmak üçin, baglanyşyklylyk strategiýasyny, sanlaşdyrma syýasatyny we pudagy dekarbonizasiýalaşdyrmak (uglerod zyňyndylaryny azaltmak), ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça iň gowy çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ýurtlardan häkimiýet we işewürler toparlarynyň wekillerini, ýöriteleşen we bir ugurda iş alyp barýan kompaniýalary birleşdirer. Mundan başga-da, forum gyzyklanma bildirýän delegatlar üçin teklipleriň we taslamalaryň onlaýn ýa-da ýüzbe-ýüz ýagdaýda has jikme-jik gözden geçirilmegi üçin Türkmenistanyň ulag ulgamynda möhüm wezipeleri eýeleýän işgärler bilen aragatnaşyk gurmaga esas bolup hyzmat eder.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly maslahat “kümüş” hemaýatkärleri bolan “Türkmen Ak Ýol”, Ynamly ýol hyzmaty”, “Altyn döwür”; “bürünç” hemaýatkärleri – THADA, “UlagExh”, “Mermer Kenar”, “At Abraý” ýaly türkmen kompaniýalarynyň hem goldawyna eýe boldy.

Halkara maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy boýunça guralýar. Esasy guramaçylaryň hatarynda "Türkmendemirýollary", "Türkmenawtoulaglary", "Türkmendeňizderyayollary", "Türkmenhowaýollary" we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi bar.

Maslahat Türkmen logistik assosiasiýasy we «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Goşmaça maglumat almak üçin we maslahata onlaýn görnüşde gatnaşmak üçin (hasaba alyş möhleti 17-nji iýula çenli) forumyň web-sahypasyna giriň.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.