Içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň döwlet Baştutany tarapyndan şu ýylyň 21-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan möçberlerine degişli üýtgetmeler we goşmaça girizildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 2572-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine degişli üýtgetmeler we goşmaça girizildi.
Welaýat häkimleri hem-de oba hojalyk toplumy boýunça wise-premýeriň gatnaşmagynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryny we önüm öndürijileri goşmaça goldamak göz öňünde tutulýar.
«Şu maksat bilen, olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjyny ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üçin tassyklanan bahalar boýunça ýerlemek bellenilýär. Bu bolsa oba hojalyk önümleriniň bol öndürilip, halkymyzyň saçaklarynyň has-da bereketli bolmagyna mümkinçilik berer» diýip, Prezident nygtady.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.